img

Şanly senelere bagyşlanan üç kitap

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp neşir edilen hem-de okyjylaryň dykgatyna hödürlenýän “Magtymguly Pyragy - türkmen halkynyň ruhy binýady” atly makalalar ýygyndysy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, alymlarynyň we hünärmenleriniň ylmy makalalaryndan ybaratdyr. Bu makalalar ýygyndysy türkmen halkynyň ruhy sütüniniň müň öwüşgünli täji bolan Magtymguly Pyragynyň poeziýasynyň özenini, ýagny türkmen halkynyň mertebesini, ar-namysyny, ynsan ölçeglerini beýan edip, beýik akyldaryň içki syrlaryna aralaşdyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýaş nesillerimiziň watansöýüji, ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerinde görelde we terbiýe mekdebi bolup durýar. Şanly sene mynasybetli neşir edilen halkymyzyň ajaýyp şahyry, milli guwanjy Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny wasp edýän makalalar ýygyndysy ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, aspirantlaryna, talyplaryna, şeýle hem giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

img

Belli bolşy ýaly, döwlet Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan bäri şähergurluşyk taslamalarynyň köpsanlysy ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilip gelinýär. Türkmenistanda şu ugurda ýeterlik tejribe toplandy. Köplenç, neşirlerde atlandyrylyşy ýaly, “geljegiň şäheriniň” ösüş modelini doly ykrar etmek täze taglymlaryň durmuşa ornaşdyrylmagynyň barşynda mümkindir.

Sebitde iň iri taslamalaryň biri bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, hassahanalaryň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, edara binalarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirildi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan taýýarlanylan “Arkadag şäheri Milli Liderimiziň binagärlik şuglasy, Arkadagly Serdarymyzyň badalgasy” atly neşire Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has hem ýokarlandyrmak, “Akylly” şäher taslamasyny durmuşa geçirmek, ekologiýa abadançylygy dogrusynda alyp barýan netijeli işleri baradaky makalalar girizilip, kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenilendir.

img

Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp neşir edilen hem-de okyjylaryň dykgatyna hödürlenýän “Arkadag Serdarly talyp ýaşlaryň ylym-bilim kuwwaty: ösüşiň hereketlendiriji güýji” atly makalalar ýygyndysy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, alymlarynyň we hünärmenleriniň ylmy makalalaryndan ybaratdyr. Makalalar şu aşakdaky ylmy ugurlary öz içine alýar.

1) binagärlik we gurluşyk; 2) himiýa we tehnologiýa; 3) tehniki ylymlar; 4) kompýuter tehnologiýalary we awtomatlaşdyrmak; 5) ykdysadyýet we dolandyryş; 6) ekologiýa we daşky gurşawy goramak; 7) fizika-matematika ylymlary; 8) jemgyýetçilik ylymlary.

Ýokardaky sanawda getirilen ylymlaryň ugurlary boýunça taýýarlanan makalalar ösüşlere, türkmen ylmynyň abraýyna goşant goşmaga we barlaglaryň netijelerini önümçilikde we okatmagyň usulýetinde ulanmaga gönükdirilendir. Ýygyndydaky makalalar esasan, binagärlik we gurluşyk, himiýa, ykdysadyýet pudaklary we beýleki ugurlaryň ylmy, taslama we önümçilik işgärlerine, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, aspirantlaryna, talyplaryna, şeýle hem giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

Habarlaşmak üçin maglumatlar