img

Halkara internet olimpiada

2023-nji ýylyň 10-njy maýyndan 30-njy maýy aralygynda Omsk döwlet pedagogika uniwersitetinde OmDPU-nyň Rus dili daşary ýurt dili höükmünde we uniwersitetden öňki okuwy karedrasynyň guramagynda “Russiýa meniň ýüregimde” atly IV halkara onlaýn olimpiadasy geçirildi. Olimpiada, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda halkara aragatnaşyk dili hökmünde rus dili ýylyna bagyşlanýar.

OmDPU-nyň uniwersitetiniň Rus dili daşary ýurt dili hökmünde we uniwersitetden öňki okuwy karedrasynyň çakylygy boýunça Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň talyplary Olimpiada işjeň gatnaşdylar. Olimpiadanyň netijelerine görä(dürli ýurtlardan gatnaşyjylaryň arasynda), rus dili we rus medeniýeti boýunça umumy sanawda Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň sekiz talyby üçünji orna mynasyp boldy.

Bu Olimpiada Türkmenistandan beýleki raýatlar hem gatnaşdy. Türkmenistandan Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň talyplary baýrak aldylar.

Olimpiadanyň ýeňijilerine degişli derejedäki diplomlar gowşuryldy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar