Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty I.Razzakow adyndaky Gyrgyz tehniki uniwersitetiniň guramagynda geçirilen Ýewraziýa “ESAUD-2023” forumyna gatnaşdy
Şeýle wakalar, durnukly ösüş, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň howpsuzlygy ýaly häzirki zaman talaplaryny we ugurlaryny göz öňünde tutup, bilim alyşmak we binagärlik, şäher gurluşygy we dizaýn pudagyndaky häzirki üstünlikleri we kynçylyklary, sanly üýtgeşme we ykdysady netijeliligi.ara alyp maslahatlaşmak üçin toplumlaýyn platforma döretmäge goşant goşýar.
Simpozium şeýle hem, dersara hyzmatdaşlyga, jemgyýetçilik jogapkärçiligine, binagärlik, şäher gurluşygy pudagynda öz içine alyjylyga we elýeterlilige ünsi jemläp, bilim we hünär işlerinde innowasiýa çemeleşmeleri we tehnologiýalary ösdürmek üçin geljegi uly pikirleriň, teklipleriň işlenip düzülmegine we durmuşa geçirilmegine goldaw berýär.
Simpoziumyň möhüm tarapy halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we bu ugurda işleýän hünärmenleriň we guramalaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, şeýle hem dünýäniň dürli sebitlerindäki adamlaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen umumy strategiýalaryň we çemeleşmeleriň döremegine ýardam bermekdir.
Simpoziumyň çäginde gatnaşyjylaryň arasynda bilim, tejribe we pikir alyşmaga gönükdirilen halkara ylmy we amaly konferensiýa (8 bölüm) guraldy. Maslahatda binagärlik, dizaýn we şäher gurluşygynyň möhüm meseleleri boýunça öňdebaryjy hünärmenleriň we alymlaryň çykyşlary we hasabatlary bar. Iň oňat işler I.Razzakowyň adyny göterýän ÝOM-nyň žurnalynda çap ediler. Maslahatyň netijesinde simpoziuma gatnaşanlaryň hemmesine şahadatnama berildi.