img

Graz tehniki uniwersitetiniň professory Dawid Pommerenkonyň Aşgabada sapary

Geçen hepdede Awstriýanyň Graz uniwersitetiniň professory Dawid Pommerenkonyň Aşgabada sapary boldy. Myhmanyň maksatnamasynda Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda bolmak meýilleşdirilipdir.

2023-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşmak maksadynda Dawid Pommerenko bilen iş maslahaty geçirildi. Duşuşygyň barşynda Dawid Pommorenko Graz Tehniki uniwersiteti barada giňişleýin gürrüň berdi. Uniwersitetiň gurluşy we bilim berişi barada gürrüň berdi. Hormatly myhman özüniň işleýän Uniwersitetiň Elektronika ylmy-barlag instituty barada has köp maglumatlary berdi. Ikilenji gün Dawid Pommorenko Institutymyzyň talyplaryna “Elektromagnit sazlaşygynyň esaslary, elektrostatik akym bölümi” atly temada sapak berdi. Biz munuň ýaly çäreleriň ýokary okuw mekdeplerimiziň arasyndaky ylym, bilim babatdaky hyzmatdaşlygyna goşant goşjagyna berk ynanýarys.

img

Uniwersitet barada

Graz tehniki uniwersiteti – döwlet okuw mekdebi. Uniwersitet Awstriýanyň Graz şäherinde ýerleşýär. Uniwersitet European University Association (EUA) bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Ýokary okuw mekdebi QS Halkara reýtinginde dünýäniň iň ýokary 280 uniwersitetleriniň sanawyna girýär. Ýokary okuw mekdebi inženerlikde we tehnologiýada QS Halkara reýtinginde tebigy ylymlarda, sungatda we gumanitar ylymlarda, biolukmançylyk ylymlarda iň gowy mekdepleriň biri hasaplanylýar.

img

Habarlaşmak üçin maglumatlar