img

Goşa mukaddeslige bagyşlanan kitap

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan ylmy makalalar ýygyndysy neşir edildi. Şeýle ylmy makalalar ýygyndysy şanly senelere bagyşlanyp yzygiderli neşir edilýär.

Makalalarda mizemez agzybirligimizi, bitewüligimizi, beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň waspy ýetirilýär.

Şanly senä bagyşlanyp neşir edilen ýygyndyda Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Döwlet baýdagymyzyň milli we ruhy manysy, onuň gadyr gymmaty giňden şöhlelendirilýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar