img

Institutymyzyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy

Golaýda halkymyzy begendiren şatlykly wakalaryň birnäçesi bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy. Dabara ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, daşary ýurtlaryňdyr halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, bilim işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

2023-2024-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde ýokary okuw mekdepleriň birnäçesiniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň bilim pudagynda alyp barýan işleriň geriminiň barha giňelýandigini tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumy “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan bina ediler. Institutymyzyň täze binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňüne tutulýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar