img

Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy

Ýakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlarynyň, şeýle-de Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XII Uniwersiadanyň çäklerinde geçirilen sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan professor-mugallymlary, talyp ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde tassyklanan düzgünnamasy esasynda, 2023-nji 6-njy ýanwaryndan 7-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň ýygyndy topary toparlaýyn 1-nji orna mynasyp boldular.

Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň arasynda geçirilen “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly spartakiadada sportuň woleýbol(zenanlar) görnüşi boýunça toparlaýyn I oruna mynasyp boldular Geçirilen ýaryşda birnäçe görnüşleri boýunça gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolan mugallymlar:

img

1. “Ýokary matematika” kafedrasynyň uly mugallymy Gülşat Almazowa woleýbolda I orun, stol tennisde II orunlara mynasyp boldy.
2. “Umumy himiýa” kafedrasynyň mugallymy Maýa Garýagdyýewa woleýbolda I orun, badmintonda I orun, stol tennisde II orunlara mynasyp boldy.
3. “Binagärlik” kafedrasynyň uly mugallymy Olga Ýowyýewa woleýbolda, badmintonda toparlaýyn I orna mynasyp boldy.
4. Inžener-mehanika fakultetiniň Okuw önümçiliginiň okuw ussahanasynyň okuw ussasy Röwşen Gylyjow woleýbolda III orun, badmintonda III orun.
5. Suwda ýüzmek görnüşi boýunça toparlaýyn (erkekler) I orna woleýbol(erkekler) III orna Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň dekany Esenmyrat Öwezmyradow mynasyp boldy. Sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda toparlaýyn (erkekler) I orna mynasyp bolan professor-mugallymlar hormat haty hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy
6. . “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymy Kadyr Seýitniýazow
7. . Inžener-mehanika fakultetiniň “Okuw önümçilik okuw ussahanasynyň okuw ussasy” Dawut Ýakupow Sportuň düzzüm görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda toparlaýyn (erkekler) II orna, toparlaýyn (zenanlar) III oruna mynasyp bolan institutyň professor-mugallymlary hormat haty hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy:
8. “Çyzuw we materiallaryň garşylygy” kafedrasynyň uly mugallymy Ýagmyr Myratberdiýew
9. “Bedenterbiýe” kafedrasynyň uly mugallymy Öwezgeldi Gurbanow
10. “Informatika we maglumat tehnologiýalary” kafedrasynyň uly mugallymy Arzygül Annagulyýewa
11. “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň uly mugallymy Bägül Ataýewa

img

Sportuň badminton görnüşi boýunça toparlaýyn (erkekler) III oruna mynasyp bolan “Bedenterbiýe” kafedrasynyň mugallymy Ýagşymyrat Balakaýew sylaglandy.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde tassyklanan düzgünnamasy esasynda, 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabry 2023-nji 5-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan-ruhubelentligiňwe sagdynlygyň ýurdy” atly 12-nji Uniwersiadada Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp türgenleri sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, toparlaýyn 2-nji orna mynasyp boldular.

Kubok, medal hem-de Hormat haty Institutymyzyň rektory Parahat Orazmuhammedowiç Orazowa gowşuryldy.

Adam saglygyna, ýokary netijeli sporta uly üns berilýän Ýurdumyzda hemmelere ýeňiş ýaran bolsun!

Habarlaşmak üçin maglumatlar