“Temmäki önümleri – jana zulum”
2023-nji ýylyň 20-nji maýynda Institutda Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy esasynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramaklarynda “Temmäki önümleri – jana zulum” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylmy işler boýunça prorektory Gurbansähet Gurbansähedow, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy, zähmet weterany Çaryguly Ataýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat merkeziniň bölüm müdiri, polisiýanyň pod polkownigi Toýly Abdullaýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçiligi müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Döwran Amanmyradow çykyş etdiler.
Many-mazmuny edep terbiýä, ynsan saglygyna, temmäki önümlerinden daşda durmaklyga ýugrulan çykyşlar, duşuşyga gatnaşýan talyp ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaklyga bolan höwesi has-da güýçlendirdi.
Temmäki önümlerinden ýüz öwürmek we olaryň garşysyna göreşmek her bir adamyň durmuşyny özgertmäge, saglygyny has hem berkitmäge, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmaga atarýan aýdyň ýoldur. Pudaklaýyn dolandyryş edaralary we halkara guramalar bilen bilelikde ýurdumyzda temmäki önümlerine garşy göreş çäreleri yzygiderli alnyp barylýar.