“Ýylyň mugallymy – 2023”
2023-nji ýylyň 14-nji iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan her ýylda geçirilýän “Ýylyň mugallymy – 2023” döwlet bäsleşiginiň jemi jemlenildi.
Bäsleşikde mugallymlaryň sapak beriş ussatlygy bahalandyryldy, ylmy we metodiki işleri seljerildi, terbiýe beriş we halypalyk işlerine üns berildi hem-de mugallymyň mugallymçylyk we ylmy derejeleri göz öňünde tutuldy. Başga söz bilen aýdanymyzda bäsleşige gatnaşyjylaryň ýokary hünär ussatlygy bahalandyryldy.
Döwlet bäsleşiginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Diller kafedrasynyň uly mugallymy Merdan Amanow ikinji orna mynasyp bolmagy bilen gutlaýarys. Oňa döredijilik ylhamyny, hünär işinde ýokary netijeler gazanmagyny arzuw edýäris.
Bäsleşikde ýeňiji bolan we gatnaşan mugallymlara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.