img

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty halkara reýting sanawynda

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak babatda beren tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ylym-bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermekde ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek sanly tehnologiýalar peýdalanylyp bilim berilişiniň hiliniň ýokary derejede bolmagy gazanylýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, maslahatlar guraýar. Institutda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda dürli dersler boýunça bäsleşikler, halkara internet olimpiadalary, ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli geçirilýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmak boýunça professor-mugallymlaryň we talyplaryň halkara akademiki gatnaşyklaryny ýola goýmak, dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan milli tejribelere esaslanyp, okuw hem-de ylmy işler innowasion usulda ornaşdyrylýar. Professor-mugallymlar we talyplar halkara derejeli ylmy žurnallarda ylmy makalalary çap edýärler. Şeýle işler abraýly sanawa goşulmakda öz oňyn netijesini berýär.

“Times Higher Education” guramasy ýokary bilim ulgamynda reýtingleri geçirmek boýunça ykrar edilen öňdebaryjy gurama hasaplanylýar. Hakykatda, bu gurama tarapyndan geçirilýän iki sany bütindünýä reýtingleri, Bütindünýä uniwersitetleriň reýtingi(World University Ranking) hem-de Täsir etmegiň reýtingi (The Impact Ranking) Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde binýatlanýan ady belli, iň abraýly we garaşsyz Bütindünýä reýting guramasy hasaplanylýar. 2023-nji ýylda bu reýtinge 106 ýurtdan 1400-den gowrak ýokary okuw mekdepleri gatnaşdy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty şu sanawda görkezilen Durnukly ösüş maksatlary boýunça gatnaşdy:
- SDG 3 (Saglyk we abadançylyk);
- SDG 4 (Ýokary hilli bilim);
- SDG 6 (Arassa suw we arassaçylyk);
- SDG 17 (Maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk).

Institut üçin döredilen maglumatlary girizmegiň portalynyň üsti bilen resminamalaryň iberilmegi amala aşyryldy. Reýtinge gatnaşmak üçin materiallar we resminamalar ugradylyp, 2022-nji ýylyň sentýabr-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň seljermesi geçirildi we netijeler 2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda yglan edildi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Täsir etmegiň reýtingine girizildi.

Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ödürmek, ýaşlarymyzyň ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Habarlaşmak üçin maglumatlar