img

Sagdyn durmuş ýörelgeleri rowaçlanýar

2023-nji ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde talyp ýaşlaryň arasynda kanun bozulmalaryň öňüni almak, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päk ýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlaryna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Meýlis Babaýew, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory Allamyrat Amandurdyýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat merkeziniň bölüm müdiri, polisiýanyň pod polkownigi Toýly Abdullaýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçiligi müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Döwran Amanmyradow gymmatly nesihatlary bilen çykyş etdiler.

img

Duşuşykda häzirki döwürde hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän asylly işleriň oňyn netije berýändigi, halkymyzyň hemme taraplaýyn eşretli ýaşaýşy, ýaşlaryň doly derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri we olaryň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna ussatlyk bilen erk edip bilmekleri ugrunda döwlet derejesinde uly işler amala aşyrylýandygy barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle işlere jogap edip ýaşlaryň institutyň çäginden daşarda we içerde kanunylygy we hukuk tertibini berjaý etmelidikleri, hususan-da ýaramaz endiklerden daşda durmaklary, ýagny alkogolly içgileri, neşe serişdeleri, psihotrop, temmäki we beýleki zäherleýji maddalary ulanmazlyklary, ýüze çykýan ýagdaýyň, ilatyň saglygyna ýaramaz täsir edýän jenaýatçylykly işlerden daşda durup has-da hüşgär bolmaklary barada aýdyldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletimizde alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar