Aýdym-sazly döredijilik festiwaly
30-njy maýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Talyp joşguny 2023” döredijilik festiwaly geçirildi.Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen festiwal Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilýär.
Bu gezekki döredijilik festiwalyna ýokary okuw mekdebimiziň talyplary has işjeň gatnaşdylar. Ýurdumyzda işlemäge, okamaga, ýaşamaga döredilýän amatly şertleri wasp edýän “Arkadagly Serdar bilen ýör öňe” atly estrada aýdym bilen başlanan festiwal şatlyk-şowhuna beslendi. Talyp ýaşlarymyzyň ýerine ýetiren halk we estrada aýdymlary, tanslary, okan goşgulary, dessanlardan çeper okaýyş, festiwala gatnaşyjylaryň hasda ýüregini joşdurdy.
Döredijilik festiwaly “Arkadaga şöhrat! Arkadagly Serdara şöhrat!” diýen şygary köpçülik bolup aýtmak bilen jemlenildi.