img

“Ýigitler ýygylsyn söhbete-saza”

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda talyp oglanlaryň arasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan talyp ýaşlar, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşigi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem-de Ýeňiş güni mynasybetli talyp ýaşlaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi.

Bäsleşige gatnaşýan ýigitler saýlap alan hünärleriniň jemgyýetdäki orny barada aýdyp berdiler, özleriniň sungata we döredijilige bolan ukyplaryny görkezdiler. Şeýle hem öz wäşiliklerini görkezdiler.

Hormatly Prezidentimiziň “Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir” diýen sözlerinden ruhlanan talyp ýigitleriň bäsleşigi örän çekeleşikli boldy. Netijede Baş baýraga Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Amanmyrat Ataýew mynasyp boldy. Biz ýeňiji talyp ýigidimize gowy arzuwlarymyzy aýdýarys. Gerçek ýigidimiz ýeňişlerden ýeňşe barsyn.

Habarlaşmak üçin maglumatlar