Ak şäherim Aşgabat
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan ylmy makalalar ýygyndysy neşir edildi. Okyjylaryň dykgatyna hödürlenýän “Aşgabat bagtyýar ýaşlygyň we ylmy – innowasion ösüşleriň mekany” atly makalalar ýygyndysy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, alymlarynyň we hünärmenleriniň ylmy makalalaryndan ybaratdyr. Makalalar şu aşakdaky ylmy ugurlary öz içine alýar.
1) binagärlik we gurluşyk; 2) himiýa we tehnologiýa; 3) tehniki ylymlar; 4) kompýuter tehnologiýalary we awtomatlaşdyrmak; 5) ykdysadyýet we dolandyryş; 6) ekologiýa we daşky gurşawy goramak; 7) fizika-matematika ylymlary; 8) jemgyýetçilik ylymlary.
Ýokardaky sanawda getirilen ylymlaryň ugurlary boýunça taýýarlanan makalalar ösüşlere, türkmen ylmynyň abraýyna goşant goşmaga we barlaglaryň netijelerini önümçilikde we okatmagyň usulýetinde ulanmaga gönükdirilendir. Ýygyndydaky makalalar esasan, binagärlik we gurluşyk, himiýa, ykdysadyýet pudaklary we beýleki ugurlaryň ylmy, taslama we önümçilik işgärlerine, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, aspirantlaryna, talyplaryna, şeýle hem giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.