Türkmenistanda Gün energetikasynyň ulanylyşy
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen I.Razzakow adyndaky Gyrgyz döwlet tehniki uniwersitetiniň arasynda “Türkmenistanda Gün energetikasynyň ulanylyşy” atly onlaýn görnüşde umumy okuw sapagy geçirildi.
Umumy okuw sapagy institutyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Önümçiligi awtomatlaşdyrmak” kafedrasynyň guramagynda geçirildi. Okuw sapagyny “Önümçiligi awtomatlaşdyrmak” kafedrasynyň dosenti A.Penjiýew alyp bardy. A.Penjiýew ilki bilen ýurdumyzda we dünýäde elektroenergetika pudagynyň ösüşi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işler barada giňişleýin durup geçdi. Mälim bolşy ýaly, örän uly energetiki mümkinçilikleri bolan Türkmenistan häzirki wagtda dünýäde energetiki howpsuzlygy üpjün etmek boýunça oňyn tejribe bilen çykyş edýär. Energiýa serişdelerini tygşytly peýdalanmak we bu ugurdan ylmy işleri alyp barmak boýunça birnäçe ylmy-barlag işleri hem alnyp barylýar.
A.Penjiýew çykyşynda esasan hem Gün energiýasynyň mümkinçilikleri we zerurlyklary barada hem-de başgada birnäçe maglumatlar, ylmy garaýyşlar bilen giňişleýin çykyş etdi. Şeýle hem onlaýn görnüşde geçen umumy okuw sapagynyň soňunda I.Razzakow adyndaky Gyrgyz döwlet tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary özlerini gyzyklandyrýan soraglar boýunça A.Penjiýew bilen sorag-jogap alyşdylar. Institutymyzyň dosentiniň halkara derejesinde sapak bermegi bu okuw sapagynyň oňyn aýratynlygy boldy. Şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýyla çenli Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak baradaky beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilýändiginiň subutnamasy boldy.