img

Temmäkiden azat ýurt

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy esasynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramaklarynda “Temmäki daşky gurşaw üçin howp” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Institutyň Ylmy işler boýunça prorektory Gurbansähet Gurbansähedow, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy, zähmet weterany Çaryguly Ataýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat merkeziniň bölüm müdiri, polisiýanyň podpolkownigi Toýly Abdullaýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji bölüminiň wekili, polisiýanyň maýory Batyr Berkeliýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kärdeşler arkalaşygy komitetiniň başlygy Myrat Berdyýew Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlaryna temmäkiniň zyýany, ýurdumyzda adam saglygy baradaky alada dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Ýurdumyzyň Pudaklaýyn dolandyryş edaralary we halkara guramalar bilen bilelikde ýurdumyzda temmäki önümlerine garşy göreş çäreleri yzygiderli alnyp barylýar. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky» Kanunyň kabul edil-meginiň hem-de temmäkä garşy göreşmek boýunça köpugurly maksatnamanyň dur-muşa geçirilmeginiň netijesinde häzir Türkmenistan BSGG-niň Ýewropa sebitinde şu ugur boýunça öňdebaryjy orunlary eýeleýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda şu mazmundaky wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy temmäkiden azat ýurt hukuk derejesini kesgitlemek boýunça milli standarty döretmäge, bu babatda syýa-satyň alnyp barlyşyna we kanunlaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns bermek bilen, temmäkä garşy göreşmek ulgamyny berkitmäge, temmäkini ulanmagyň ýaramaz tä-sirleri barada ilatyň habardarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Habarlaşmak üçin maglumatlar