img

Sagdyn bedende – sagdyn ruh

Ýakynda “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” ady bilen geçirilmegi däbe öwrülen sport ýaryşlarynyň jemi jemlenildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda geçirilen sylaglamak dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Uniwersiadada her ýyl baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu ýyl hem institutymyzyň ýygyndy topary Türkmen döwlet bedenterbiýe institutyndan soň, baýrakly ikinji orna mynasyp boldy. Bu ýokary netije institutymyzda ylym-bilim bilen bilelikde sporta hem uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda sportuň 8 görnüşi boýunça geçirilen pudaklaýyn Spartakiada Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýygyndysy ýeňiji boldy. Bilim ministrliginiň ýygyndy topary ikinji orny eýeledi. Ýeri gelende bellesek Bilim ministrliginiň ýygyndy toparynda institutymyzyň mugallymlarynyň hem bardygyny aýtmalydyrys.

Habarlaşmak üçin maglumatlar