img

Sylaglamak dabarasy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň baş binasynyň meýdançasynda ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan talyplaryň hem-de netijeli zähmet çekýän professor-mugallymlaryň gatnaşmaklarynda dabara geçirildi.

Dabara Institutymyzyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty P.Orazowyň çykyşy bilen başlandy. Rektor Döwlet maksatnamalaryny, ýaşlara bilim bermekde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde institutda alnyp barylýan işler, gazanylan netijeler barada aýtdy. Ylym-bilimde, sportda gazanylan ýokary netijeler barada hem durup geçdi.

Turuwbaşdan aýdym-saza beslenen dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen bäsleşiklerinde ýeňiji bolan talyplar we olary taýýarlan mugallymlar sylaglanyldy. Ylmy bäsleşiklerde we sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan talyplara hem sowgatlar gowşuryldy.

Duşuşygyň ahyrynda okamaga, işlemäge, abadan durmuşda ýaşamaga ähli amatly şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdyldy. Jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagy arzuw edildi.

Habarlaşmak üçin maglumatlar