img

Ähmiýetli duşuşyk

2023-nji ýylyň 2-nji maýynda Institutymyzyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň guramagynda ýaş mugallymlaryň dünýägaraýşlaryny has hem kämilleşdirmek maksady bilen halypa şägirt duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Institutyň ýaş mugallymlary gatnaşdylar.

Ýaş mugallymalrayň öňünde “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy, y.y.k A.Atdaýewa “Ynsap hakynda”, uly mugallym Z.Orazowa “Maşgala mukaddesligi” atly temalarda çykyş etdiler.

A.Atdaýewa ynsap bilen baglanyşykly çelgiler dogrusynda, ylym-bilim, çeper edebiýatlar, Magtymguly Pyragynyň goşgylary, ylmy edebiýatlar bilen baglanyşdyryp, örän täsirli çykyş etdi.

Z.Orazowa özüniň çykyşynda maşgala mukaddesliklerini gorap saklamak, olary kämilleşdirmek, danalyk, wepadarlyk, adalatlylyk, halallyk, rehimdarlyk, hormat, edermenlik, mertlik, ruhubelentlik, şeýle-de her bir maşgala agzasynyň birek-biregi goldamak, sylamak ýaly kämil ahlak sypatlarynyň ýaş nesilleri terbiýelemekde nusgalyk mekdep bolup hyzmat edýändigini nygtady. Umuman, bu günki duşuşyk örän gyzykly we terbiýeçilik ähmiýetli boldy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar