Ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyryş
2023-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2023/2024-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin “Açyk gapylar” gününi geçirdi.
“Açyk gapylar” gününde bagtyýar ýaşlarymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Hormatly Prezidentimiziň we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň institutda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze ýöriteleşdirilen okuw otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport toplumynyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanyşdyryldy.