img

Okuw maslahaty

2023-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli “Milli mirasymyzy goramak babatynda ýaşlaryň orny” atly göni wideo aragatnaşygy arkaly okuw sapagy geçirildi. Sapaga ýokary okuw mekdebimiziň talyplarydyr mugallymlary gatnaşdy.

Okuw sapagyny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Parahatçylyk dilleri atly ÝUNESKO klubynyň başlygy, Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Ogulsabyr Berdiýewa alyp bardy.

Milli mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak we wagyz etmek dogrusynda durmuşa geçirilýän işler, türkmen maşgalasynda çaga terbiýelemegiň milli däpleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem pedagogika ylmyndan belli bolşy ýaly, terbiýäniň birnäçe görnüşleri, zähmet terbiýesi, gözellik terbiýesi, maşgala terbiýesiniň esasy artykmaçlygy, tapawutly taraplary barada gürrüňler edildi.

Okuw maslahatynyň temasy bilen baglylykda, medeni mirasymyzy öwrenmek boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde açylan «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynda alnyp barylýan işler, medeni mirasymyzyň gymmatlyklary bolan el işleriniň – keşde çekmegiň, haly dokamagyň ilkinji tärleri ýaş nesle maşgalada öwredilýär. Şol kesp-kärleriň terbiýeçilik taraplary, ýaşlara edep-ekram öwretmekdäki ähmiýeti barada sowal-jogap alşyldy. Okuw sapagy täsirliligi, maglumatlara baýlygy bilen tapawutlandy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar