“Sagdyn ýaşlar–Watanymyzyň kuwwaty”
19-njy aprelde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda, institutyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda Ýaşlaryň ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päk ýüreklilik, millilik, maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş ýörelgeleri, arassa ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda talyp ýaşlarynyň arasynda “Sagdyn ýaşlar–Watanymyzyň kuwwaty” ady bilen terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşyk geçirildi. Duşuşygy institutyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Orazberdi Çaryýew alyp bardy.
Wagyz-nesihat duşuşygynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, Gurbansähet Amansähedowiç Gurbansähedow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji bölüminiň wekili, polisiýanyň maýory Batyr Berkeliýew, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazyýet komekçisi 2-nji derejeli ýurist Aşyrowa Şirin we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň uly mugallymy Goçmyrat Ataýew özleriniň täsirli nesihatlary bilen çykyş etdiler.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Mejlisler zalynda geçirilen duşuşykda ýaş neslimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklary, milli terbiýämiz, ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgämiz, maşgala mukaddeslikleri dogrusyndaky çykyşlara uly orun berildi. Terbiýeçilik ähmiýetli çykyşlar ýaşlarda maşgala mukaddesligi baradaky düşünjelerini we milli gymmatlyklarymyza bolan buýsançlaryny has hem artdyrdy. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz, Milli Liderimiz ýaş nesilleriň döwrebap, kämil terbiýeli şahsyýetler bolup ýetişmekleri babatynda uly tagallalary edýärler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň belent başlarynyň aman bolmaklaryny arzuw etdiler. Goý Berkarar döwletimizde Pederlerimizden miras galan we dowam edýän milli gymmatlyklarymyzyň, watansöýüjilik ýaly mukaddesliklerimiz has-da berkäp, dowamat dowam bolsun!