img

Täze fakultet

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Raýat goranyşy fakulteti, Gurluşyk işlerinde raýat goranyşy we Himiýa senagatynyň howpsuzlygy kafedralary açylýar.

Resminama laýyklykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetine okuwa 2023-2024-nji okuw ýylyndan kabul edip başlamak bellenildi.

Raýat goranyşy fakulteti, Gurluşyk işlerinde raýat goranyşy, Himiýa senagatynyň howpsuzlygy kafedralary “ýurduň binagärlik, senagat we ýol gurluşygy ulgamlarynyň günsaýyn ösmegi netijesinde durmuş hem-de iri senagat maksatly döwrebap binalaryň, desgalaryň toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, bu binalaryň we desgalaryň tebigy hadysalara, adatdan daşary ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, olarda şeýle ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almak hem-de raýat goranyşy çygrynda ýokary bilimli harby hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen açylýar” diýlip resminamada bellenilýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar