«Açyk gapylar» güni
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa institutyň mugallymlary we talyplary hem-de umumy bilim berýän orta mekdepleriň uçurym okuwçylary gatnaşdylar.
Çäräniň çäklerinde institutyň taryhy, üstünlikleri, bu ýerde okadylýan hünärler barada fotosuratlara, gyzykly wideoşekillere we gysga filmlere tomaşa edildi. Mekdep okuwçylaryna ýokary okuw mekdebi barada institutyň mugallymlary we talyplary tarapyndan maglumatlar berildi.
Gelen myhmanlar institutyň baş binasynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Sergide kafedralaryň alyp barýan işleri, institutyň talyplarynyň ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilen bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri bilen tanyşdylar. Mekdep okuwçylary üçin okuw binalaryna, auditoriýalara, laboratoriýalara, sport meýdançalaryna we ussahanalara gezelenç guraldy.
Geçirilen «Açyk gapylar» güni mekdep okuwçylarynda instituta bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.