Ders bäsleşikleri
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde öňümizde goýan baş wezipelerini oňyn çözmek, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda “Fizika”, “Himiýa”, “Matematika” we “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” okuw derslerinden ders bäsleşikleri gyzgalaňly dowam edýär. Bäsleşigiň birinji tapgyrynyň netijeleri Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň tdbgi.edu.tm web saýtynyň bildirişler penjiresinde 2023-nji ýylyň 1-nji maýynda ýerleşdiriler.