img

Nobatdaky üstünlik

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty goldamak ugrunda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän, häzirki zaman sport mekdepleri, sport toplumlary munuň aýdyň beýanydyr. Ata Watanymyzda uly sportda dünýä derejelerine çykmaga ähli şertler döredilýär.

Döredilýän şeýle amatly şertleriň netijesinde türgenlerimiz halkara ýaryşlarynda netijeli çykyş edýärler. 2023-nji ýylyň 18-nji martynda Bosniýa we Gersegowinanyň Saraýewo şäherinde ýaşlaryň arasynda dzýudo boýunça geçirilen Ýewropanyň Kubogynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Serdar Rahymow altyn medal eýeledi. Serdar bu ýeňşini 66 kilograma çenli agram derejesinde 13 ýurtdan gelen 27 türgen bilen bäsleşmek arkaly baýram etdi.

Şu ýylyň 25-27-nji marty aralygynda Russiýa Federasiýasynda “Sambony esaslandyryjylaryň kubogy” atly halkara ýaryş geçirildi. Ýaryşa institutymyzyň 2-nji ýyl talyby Meýlis Nyýazmeňliýew söweş sambosy boýunça 64 kilogram agram derejesinde çykyş edip, bürünç medal gazandy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar