Hoş habar
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2024-nji ýyla çenli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe Watana, halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ýiti zehinli, döredijilik ukyply başarjaň ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda işler alnyp barylýar.
Halkara ylym-bilim gatnaşyklarynyň gerimi barha giňeýär. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty dünýäniň birnäçe abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde netijeli işleri alyp barýar. Halkara internet bäsleşikleri, ylmy-amaly, okuw-usuly maslahatlary yzygiderli guralýar. Alnyp barylýan işler Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de käbir ylmy merkezleriniň, şol sanda sanly maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly özara işjeňligini giňeltjekdigine we pugtalandyrjakdygyna aýdyň mysallardyr.
Ýeri gelen-de bellesek Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty häzirki wagtda Dünýäniň iň abraýly Tehniki uniwersitetleriň Assosiasiýasynyň, Gurluşyk ýokary okuw mekdepleriniň assosiasiýasynyň hormatly agzasydyr.
Ýakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Tehniki uniwersitetleriň Assosiasiýasynyň agzalygyny tassyklaýan resminamalaryň asyl nusgalary gelip gowuşdy.