img

Şowhuna beslenen bäsleşik

2023-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň merkezi Geňeşiniň yglan eden “Talyp gözeli-2023” atly gözellik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen geçirildi.

Bäsleşik Türkmen döwlet binagärlik institutynda bilim alýan talyp gyzlaryň arasynda geçirildi. Bäsleşige gatnaşýan talyp gyzlar öz ukyp başarnyklaryny, durmuşa taýýarlygyny, edep gözelligini görkezdiler. Gyzykly geçen bäsleşikde emin agzalary tarapyndan berlen adalatly baha laýyklykda, Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň talyby Akjemal Agajumaýewa baş baýraga, Inžener-mehanika fakultetiniň talyby Gyzylgül Babaýewa bayrakly 1-nji orna, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby Enegyz Annamuhammedowa 2-nji orna mynasyp boldular.

Ýeňijiler Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hormat hatlary, ter gül desseleri we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň taýýarlan gymmatbahaly sowgatlary bilen sylaglandylar. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bizi bagtyýar zamanada ýaşadýan, okamaga, öwrenmäge, ukyp-başarnygymyzy ýüze çykarmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtdylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar