Italiýaly arhitektor institutymyzda okuw sapagyny geçirdi

Italiýa Respublikasynyň dünýä belli “Foskarini” kompaniýasynyň utgaşdyryjysy, Italýan arhitektory Matteo Urbinati Italýan dizaýny hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzda iş saparynda boldy.

2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Milanyň Politehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy. Şol Ähtnamanyň çäginde ýokary okuw mekdepleriň arasynda netijeli işler alnyp barylýar.

Italýan arhitektory Matteo Urbinati Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirilýän hepdeligiň dowamynda institutyň binagärlik, şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek hem-de binagärlik gurşawynyň dizaýny hünärleri boýunça bilim alýan talyplaryň arasynda «Yşyklandyrylyşyň hili, dizaýnyň adama we daşky gurşawa edýän täsiri» temadan okuw sapagyny geçirdi. Bu okuw sapagy talyp ýaşlaryň italýan binagärliginiň hem-de dizaýnynyň aýratynlyklary baradaky bilimlerini has-da artdyrdy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar