
Tennis bäsleşigi
2023-nji ýylyň mart aýynda ministrlikleriň we pudak edaralaryň arsynda işgärleriniň arasynda geçirilýän “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly Spartakiadanyň nobatdaky tapgyry geçirildi.
Spartakidanyň çäklerinde sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça geçirlen ýaryşda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyň türgenleri toparlaýyn I orna mynasyp boldular.
TDBGI-niň düzüminde Dawut Ýakupow, Kadyr Seýitniýazow, Maýa Garýagdyýewa çykyş etdiler. Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy.