Belent başlary Arşa göteren çözgüt
“Içit, geçit Metjit – üç ýagşy amal, Il-gününe haýyr besländen geler”
Şahyr müň keren mamla. Ýakynda halkymyzyň, Institutymyzyň professor-mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň, ähli işgärleriniň belent başlaryny Arşa göteren taryhy çözgüt kabul edildi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak üçin halkara bäsleşik yglan edildi. Bu ajaýyp habar ähli bilim işgärlerini hem buýsandyrdy. Şunuň ýaly hoş habarlary ýygy-ýygy eşidýän ildeşlerimiz bu habary uly ruhubelentlik, buýsanç bilen kabul etdi.
Ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr, diýýän Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda uly tagallalary edýär. Hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasyny gurmak baradaky çözgüdi ýaşlarymyz, ähli bilim işgärleri baradaky uly aladanyň, döredilýän amatly şertleriň aýdyň şöhlelenmesidir.
Milli Liderimize, Hormatly Prezidentimize kalplary hormatdan, buýsançdan, belent borçdan doly kalply Institutymyzyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary sagbolsunlaryny aýdýarlar, janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmaklaryny arzuw edýärler. Buýsanja beslenen habarymyzy döwrümiziň beýik Şahyrynyň sözleri bilen jemleýäris
“Arkadagym, Arkadagly Serdarym, Yhlasyňyz üçin Taňryýalkasyn!”