Professor-mugallymlaryň ajaýyp ýeňşi
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzyň Ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” ady bilen sport bäsleşikleri geçirildi. Sport bäsleşiklerine ýurdumyzyň ÝOM-niň professor mugallymlary höwes bilen gatnaşdylar.
Beýleki ulgamlar bilen bir hatarda sporta uly üns berilýän watanymyzda şular ýaly bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Ol bäsleşikler sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaga, ýurdumyzyň mugallymlaryny has hem jebisleşdirmäge, ylym-bilim bilen sporty baglanyşdyrmaga uly ýardam edýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen gyzykly hem çekeleşikli sport bäsleşiklerine TDBGI-niň professor-mugallymlary işjeň gatnaşdylar. Sportuň badminton görnüşi boýunça geçirilen bäsleşikde zenan mugallymlar topary I orna, erkek mugallymlardan düzülen topar III orna mynasyp boldular. Professor mugallymlarymyz edil şunuň ýaly netijäni sportuň woleýbol görnüşinde hem görkezdiler. Umuman sportuň ähli görnüşinde üstünlikli çykyş eden professor mugallymlarymyz Türkmenistanyň ÝOM-niň arasynda toparlaýyn I orna mynasyp boldular. Ýurt derejesindäki bu uly üstünlikde Institutymyzyň Ýolbaşçylarynyň tagallalary ummasyzdyr. Institutymyzda sport bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilen we sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda görelde görkezilýär, yzygiderli wagyz edilýär. Şeýle saldamly işler öz netijelerini hem berýär.
Şunuň ýaly ajaýyp üstünlikleri gazanmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaga döredilýän ähli şertler üçin Milli Liderimize, Hormatly Prezidentimize minnetdarlygymyzy bildirýäris, janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmaklaryny arzuw edýäris.