Wagyz-nesihat duşuşygy
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda talyp ýaşlarymyzyň bilimli-ylymly, beden we ruhy taýdan has hem sagdyn bolmaklaryny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, päk ýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen “Edep terbiýäniň gözbaşy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň ilkinji günlerinde geçirilmegi talyp ýaşlarymyzy täze ösüşlere ruhlandyrdy, ata Watanymyza, Hormatly Prezidentimize, okaýan ýokary okuw mekdeplerine bolan buýsançlaryny artdyrdy.
Dabaraly duşuşyga Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty Parahat Orazow, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, zähmet weterany Çaryguly Ataýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, polisiýanyň podpolkownigi Toýly Abdullaýew, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory Allamyrat Amandurdyýew, Önümçiligi awtomatlaşdyrmak kafedrasynyň müdiri, institutyň Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy Babajan Bekmurzaýew gatnaşdylar.
Çykyş edenler duşuşyga gatnaşyjylary Täze Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bilen mähirli gutlamak bilen häzirki döwürde nesil terbiýesine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtadylar. Talyp ýaşlarymyzy ata-babalarymyzyň göreldesine eýermegi, watansöýüji, ylymly-bilimli, zähmetsöýer hünärmenler bolup ýetişmeklige çagyrdylar. Ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekleri, jemgyýetçilik kadalarynyň, maşgalanyň we jemgyýetiň öňündäki borçlaryny berjaý etmekleri, sagdyn-durmuş ýörelgelerini alyp barmaklary, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary ugrunda ähli şertleriň döredilýändigini aýratyn bellediler.
Duşuşyk talyp ýaşlarda ýakymly duýgulary galdyrdy we täze üstünliklere ruhlandyrdy.