img

Watan goragy belent mertebedir

Ýakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli “Arkadag Serdarly Watan goragy, belent mertebedir nesiller üçin” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.Ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri üçin Hünärmenleri taýýarlamak müdirliginiň Ätiýaçdaky serkerdeleri we raýat goranyşyň şepagat uýalaryny taýýarlamak boýunça Okuw merkezi hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde geçirildi. Ylmy-amaly maslahat Umumy mejlisde we aýratynlykda iki bölümde geçirildi.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen ylmy amaly maslahatyň Umumy mejlisini Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty Parahat Orazmuhammedowiç Orazow açyp, maslahata gatnaşyjylary Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady. Watan goragynda sak duran harbylaryň mukaddes gulluklarynda üstünlik arzuw etdi. Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize işlemek we abadançylykda ýaşamak üçin döredýän mümkinçilikleri üçin hoşallyk sözlerini aýtdy.

Soňra çykyşlara giň orun berildi. Harbylaryň çykyşlary many-mazmuna baý bolup, maslahata gatnaşyjylarda watançylyk duýgularyny has-da berkitdi. Watan goragynyň mukaddesligi, pederlerimiziň watançylyk göreldesi, goranyş häsiýetli harby doktrina baradaky temalar ylmy-amaly maslahatdaky çykyşlaryň özenini düzdi.

Institutyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň çykyşlary maslahata baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar ähli işde görelde bolýan, işlemäge, abadan ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimize, Hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar