img

Maşgalam – baş galam

Maşgala - jemgyýetiň iň kiçi topary bolmak bilen bir hatarda, jemgyýetiň esasyny düzüjidir. Çünki maşgaladan başlanýan terbiýe çaganyň geljekki durmu-şynyň özenini düzýär. Türkmen halkymyz maşgala mukaddeslik hökmünde ga-rap, çaga terbiýesine wajyp orun beripdir. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz», «Maşgalam — baş galam», «Edep altyndan gymmat» ýaly birnäçe atalar sözi pe-derlerimiziň maşgala terbiýesine aýratyn üns berendiginiň alamatydyr. Häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň tagallasy netijesinde jemgy-ýetimizde ýaşlarymyzyň sagdyn kemala gelmegine, edep terbiýeli, ylymly bolmagyna aýratyn üns berilýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem milli gymmatlyklarymyzy ýaşlarymyzy ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde uly işler alnyp barylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň fewral aýynyň ilkinji günlerinde Berkararlyk etrap polisiýa bölüminiň, Agrar partiýanyň Aşgabat şäher komitetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde guramaklarynda “Maşgala agzybirligi – Ýurduň jebisligi” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Mejlisler zalynda geçirilen duşuşykda ýaş neslimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklary, milli terbiýämiz, ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgämiz, maşgala mukaddeslikleri dogrusyndaky çykyşlara uly orun berildi. Terbiýeçilik ähmiýetli çykyşlar ýaşlarda maşgala mukaddesligi baradaky düşünjelerini we milli gymmatlyklarymyza olan buýsançlaryny has hem artdyrdy. Berkarar döwletimi-ziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz, Milli Lideri-miz ýaş nesilleriň döwrebap, kämil terbiýeli şahsyýetler bolup ýetişmekleri baba-tynda uly tagallalary edýärler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň belent başlarynyň aman bolmaklaryny arzuw etdiler. Goý Berkarar döwletimizde Pederlerimizden miras galan we dowam edýän maşgala mukaddesligi has-da berkäp, dowamat dowam bolsun!

Habarlaşmak üçin maglumatlar