Eneleriň göreldesi-nesilleriň ýörelgesi
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň guramagynda “Zenan, nesil, millilik döwletliligiň sütüni” ady bilen wagyz nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyk talyp gyzlarymyzda edep-terbiýe, ene-mamalarymyzyň göreldesi, milli däp dessurlarymyz baradaky düşünjeleri has-da ösdürmek maksady bilen geçirildi. Dabaraly duşuşyga Aşgabat şäheriniň kömekçi mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzasy Ogulgerek Annasaparowa, Aşgabat şäheriniň saz ugruna ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň mugallymy, Aşgabat şäher ýaşulular toparynyň we Zenanlar birleşiginiň işjeň agzasy Turan Gurbanowa çagyryldy.
Duşuşyga çagyrylan mährem eneler müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen milli edep-terbiýe, ene-mamalarymyzyň göreldesi, däp dessurlarymyz dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Talyp gelin-gyzlarymyza milli edep-terbiýe göreldämize berk eýermegi sargadylar. Ýaş gyzlara durmuş ýolunyň birnäçe inçe syrlary barada dürli maslahatlary berdiler. Şeýle-de duşuşyga gatnaşan myhmanlar we institutymyzyň mugallymlary ýurdumyzda zenanlara goýulýan belent sarpa, maşgala mukaddesligi, edep-terbiýe, ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyz hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Dabaraly duşuşyk talyp gelin-gyzlaryň milli edep terbiýämize bolan buýsançlaryny artdyrdy. Ýurdumyzda mährem enelere, gelin-gyzlarymyza belent sarpa goýulýandygyna hoşallyklaryny bildirdiler. Hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza sagbolsunlaryny aýtdylar, berk jan saglyk, alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.