Döredijilik festiwaly
Noýabr aýynyň 23-ne Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilen “Täze eýýamyň üme dessury” atly çärede biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplary halkymyzyň geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklaryny, milli el işleriniň nusgalaryny şöhlelendirýän giň serginiň gurnaýjylary we tomaşaçylary boldular. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän döredijilik festiwalynyň çäginde guralan bu çäre ýaşlaryň milli mirasymyza we el işlerine bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Çäräniň dowamynda institutyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde gelin-gyzlarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi wasp edýän birnäçe aýdymlar ýaňlandy.
Bu festiwal halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän, sungat derejesine ýeten el işleriniň görnüşlerine ýaşlaryň milli mirasa sarpasynyň gyzyklanmasynyň artmagyna, olaryň muzeý bilen gatnaşyklarynyň has-da berkemegine getirýär. Iň esasy bellemeli zatlaryň biri bolsa, Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, türkmen zenanlarynyň ahlak gözelliginiň nusgasyna öwrülip, tug ýaly belentde pasyrdaýan ajaýyp häsiýetleriniň ýaşlaryň edebine-ekramyna siňmegidir, aňlaryna mäkäm ornaşmagydyr.