
Bilýard ýaryşy
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty baş müdirligi bilen bilelikde “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda, 2022-nji ýylyň 16-18-nji noýabry aralygynda bilýard sportunyň, “Erkin piramida” görnüşi boýunça Aşgabat şäherniň çempionatyny geçirdi. Türkmenistanyň Bilýard sporty federasiýasy 2015-nji ýylda döredildi. Bilýard sporty ýaşdygyna garamazdan ýurdumyzda meşhurlyga eýe bolýar.
Aşgabat şäheriniň çempionatynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Himiýa önümçiliginiň we materiallaryň kärhanalaryň maşynlary we apparatlary” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Kadyrberdi Çalyýew I orna mynasyp boldy.
2022-nji ýylyň 23-26-njy noýabry aralygynda, bilýard sportunyň “Erkin piramida” görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatynda bolsa Kadyrberdi Çalyýew III orna mynasyp boldy.