img

Sowgat gowşurylyş dabarasy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2022-nji ýylyň dowamynda ylymda, bilimde, medeni-köpçülikleýin çärelerde, sportda, daşary ýurtlarda hem-de öz ýurdumyzda guralan olimpiadalarda, ýaryşlarda, bäsleşiklerde, sergilerde institutymyzdan üstünlikli çykyş eden professor-mugallymlaryny hem-de talyp ýaşlaryny höweslendirmek maksady bilen dabara geçirildi.

Dabara Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty Parahat Orazmuhammedowiç Orazowyň gutlag sözi bilen açyldy. Hormatly Rektorymyz dabara gatnaşyjylary ýetip gelen Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady, saglyk, bagt arzuw etdi. Işde, okuwda tapawutlanan professor-mugallymlary, talyp ýaşlary sylaglary bilen gutlady. Ýeneki işlerinde we okuwlarynda üstünlikleri arzuw etdi. Ähli işde görelde bolýan Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize jan saglygyny, uzak ömri arzuw etdi.

Dabaraly çykyşlarynyň dowamy institutymyzyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň Watanymyzy, Hormatly Prezidentimizi wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirmekleri bilen bilen dowam etdi. Ýerine ýetirilen aýdymlar adamlaryň şat göwünlerini has-da galkyndyrdy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar