img

DÜNÝÄ DILLERI – ÖSÜŞLERE BADALGA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyz ähli ulgamlarda uly ösüşlere eýe bolýar. Häzirki wagtda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, daşary ýurt dillerini bilýän başarjaň ýaşlary ýüze çykarmak üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” hem-de “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa ornaşdyrmagyň çäklerinde uly işler amala aşyrylýar. Ýaşlarda daşary ýurt dillerine bolan höwesi artdyrmak maksady bilen 2022-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Diller” kafedrasynyň guramagynda talyplaryň arasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Dünýä dilleri – ösüşlere badalga” atly daşary ýurt dillerinde aýdym-sazly festiwal geçirildi. Festiwalda talyplaryň iňlis, rus, fransuz, nemes, arap, hytaý dillerinde ýerine ýetiren çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Festiwalyň ahyrynda mugallymlar we talyp ýaşlar işlemäge, okamaga giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize egsilmez sagbolsunlaryny aýtdylar. Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan watanymyzyň halkara derejede at-abraýynyň has hem belende galmagyny arzuw etdiler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar