Wagyz-nesihat duşuşygy
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň, Ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Milli terbiýe we sagdyn beden” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Täze ýyl baýramçylygynyň bellenýän günlerinde ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyp ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüniň berk berjaý edilmegini gazanmak maksady bilen institutymyzyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Meýlis Babaýewiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, polisiýanyň podpolkownigi Toýly Abdullaýewiň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory Allamyrat Amandurdyýewiň, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazyýet maslahatçysy Parahat Çaryýewyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň uly mugallymy Goçmyrat Ataýewiň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy Gurbangözel Gulamowanyň çykyşlary has hem täsirli boldy.
Çykyş edenler häzirki döwürde nesil terbiýesine möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek bilen talyplaryň öňümizdäki ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy günleri jemgyýetçilik tertip-düzgüni, köçe-ýol hereketiniň kadalaryny ýokary derejede berk berjaý etmelidikleri barada nygtap bellediler. Şeýle hem ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň Ýaşlar baradaky Döwlet syýasatyndan gelip çykýan wezipelerinden ugur alnyp, olary durmuşa geçirmek bilen, bilim-terbiýeçilik edaralarynda, şol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem şahsy we jemgyýetçilik kadalarynyň, maşgalanyň we jemgyýetiň öňündäki borçlarynyň berjaý edilişine, sagdyn-durmuş ýörelgelerinden ugur alyp, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryny ýaşlaryň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekleri ugrunda döwlet tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin bellenip geçildi.