TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – DÖWLETLI ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY
2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 21-ine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda professor-mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – döwletli ösüşleriň gözbaşy” atly maslahat geçirildi.
Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatyň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, durmuşa geçirmek boýunça işleri ýylyň-ýyly geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatlarynyň mejlislerinde aýdyň görmek bolýar. Halkymyzda maslahatlaşmak, geňeşmek bilen bagly ajaýyp nakyllar biziň günlerimize gelip ýetip, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen çap edilen “Paýhas çeşmesi” kitabynda “Maslahat bilen atylan daş uzak gider ”, “Maslahat bilen tutulan toý dargamaz”, “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” ýaly nakyllar öz beýanyny tapypdyr.