img

TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTYNDA “SAGLYK, BILIM WE SPORT BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE” ATLY HALKARA SERGISI HEM-DE ONUŇ BILEN UGURDAŞ HALKARA MASLAHATY MYNASYBETLI SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILDI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýmagy bilen her ýylyň 10-njy oktýabry Bitarap Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenip geçilýär. Däp bolşy ýaly bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli “Saglyk, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi hem-de onuň bilen ugurdaş halkara maslahat hem geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp we üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgesine esaslanyp amala aşyrýan il-ýurt bähbitli maksatnamalaýyn durmuş-ykdysady özgertmeleri ýurdumyzy senagatlaşdyrmak bilen bir hatarda saglygy goraýyş pudagyny, milli bilim ulgamyny we sport toplumyny döwrebaplaşdyrýar we halkara derejesine çykarýar.

img

Dabara Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan talyplaryň hem-de netijeli zähmet çekýän professor-mugallymlaryň gatnaşmaklarynda geçirilip, institutymyzyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty B.Mämmedowyň çykyşy bilen başlandy. Rektor Döwlet maksatnamalaryny, ýaşlara bilim bermekde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde institutda alnyp barylýan işler, gazanylan netijeler barada aýtdy. Ylym-bilimde, sportda gazanylan ýokary netijeler barada hem durup geçdi.

Aýdym-saza beslenen dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen bäsleşiklerinde ýeňiji bolan talyplar we olary taýýarlan mugallymlar sylaglanyldy. Ylmy bäsleşiklerde we sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan talyplara, mugallymlara institutyň Kärdeşler arkalaşygy guramasy tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

img

Duşuşygyň ahyrynda okamaga, işlemäge, abadan durmuşda ýaşamaga ähli amatly şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy. Jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagy arzuw edildi.

Habarlaşmak üçin maglumatlar