img

GÖÇME OKUW SAPAGY

2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň iňlis dili derslerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebinde okuwçylary hünäre höweslendiriş göçme okuw sapagy geçirildi. Bu göçme okuw sapagynyň dowamynda halypa mugallymlar okuwçylary binagärlik sungaty, binagärlikde milli äheňleri ornaşdyrmagyň usullary we sanly ulgamyň binagärlikdäki orny barada giňişleýin tanyşdyrdylar.

Bu göçme okuw sapagy Gahryman Arkadagymyzyň halypa şägirtlik ýoluny ýöretmek we ýaşlara geljekde hünär saýlamaga ýardam etmek maksady bilen geçirildi.

Göçme okuw sapagynyň dowamynda okuwçylar bilen türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan haly gölüniň suratlary çekildi şeýle-de çyzgy kagyzynda we autokad programmasynda takyk ölçegler esasynda çyzgylary çyzyldy. Talyp ýaşlarymyz döwrebap kompýuter programmalary we olaryň niýetlenişi barada gyzykly maglumatlary okuwçylara ýetirdiler.

Bu okuw sapagyň dowamynda 3 ölçegli programmada gölleriň dürli nusgalary ýerine ýetirildi. Okuwçylar Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzyň mugallymlary we talyplary tarapyndan ýerine ýetirlen Arkadag şäherinde gurulmagy göz öňüne tutulýan haly fabriginiň taslamasynyň birnäçe nusgalary tanyşdyryldy. Okuwçylary hünäre höweslendiriş göçme okuw sapagy okuwçylarda binagärlik ugryna uly höwes, gyzyklanma döreder diýip pikir edýäris. Talyp ýaşlar bilen bir hatarda okuwçylaram öz ukyp başarnyklaryny dogry peýdalanyp, öz tekliplerini bererler diýip garaşýarys.

Habarlaşmak üçin maglumatlar