TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ABŞ-NYŇ UNIWERSITETI BILEN HYZMATDAŞLYGY GIŇELDÝÄR
02.10.2024ý. Ogaýo ştatynyň (ABŞ) Kent şäherinde Kent döwlet uniwersitetiniň rektory Tod Dýakon bilen Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi, duşuşyga Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Orazow gatnaşdy. Bu duşuşyk Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Kent döwlet uniwersitetiniň arasynda bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we bilelikdäki maksatnamalary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm tapgyryna öwrüldi.
Duşuşygyň dowamynda Kent döwlet uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň arasynda üç sany özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol çekildi, olar: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty we Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty. Bu ylalaşyklar akademiki maksatnamalary giňeltmegi, bilelikdäki bilim we ylmy başlangyçlary döretmegi we ýurtlaryň arasynda medeni alyş-çalyşlary güýçlendirmegi maksat edinýär.
Ara alyp maslahatlaşmagyň esasy meseleleriniň biri hökmünde ýol kartasynyň taslamasy türkmen tarapyndan öňünden taýýarlanan Türkmenistanda Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasynyň açylmagy boldy. Kent uniwersitetine saparyň dowamynda taraplar bu möhüm başlangyjyň ähli taraplaryny jikme-jik öwrenmegi meýilleşdirýärler.
Bu saparyň çäginde geçiriljek Gündogaryň beýik filosofy we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çärelere aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň wekilleri bu çäräni guramak mümkinçiligine minnetdarlyk bildirdiler we onuň ýurtlaryň arasyndaky medeni we bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ähmiýetini nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda türkmen uniwersitetlerini halkara bilim giňişligine goşmak üçin gerimli işleriň alnyp barylýandygy we Kent ýaly öňdebaryjy uniwersitetler bilen hyzmatdaşlygyň bu strategiýanyň möhüm bölegi bolup çykyş edýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi.