GADYMY ÄNEW MEDENIÝETI – ADAMZADYŇ GYMMATLY MIRASY
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi TÜRKSOÝ-na agza ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da ösdürilýänligi türkmen halkyny diýseň begendirýär. Änew şäheri gözbaşyny taryhyň jümmişinden alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş neslimizi terbiýelemekde uly işler alyp barýarlar. Oňa mysal edip türkmen milli binagärligini, el işlerini öwretmek we öwrenmek, taryhy ýadygärlikleriň taryhyny ylmy taýdan içgin öwrenmek we ýaş nesillerimiziň bilimini, ylymyny artdyrmakdan ybarat.
2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 15-ine “Binagärlik” kafedrasynyň talyplarynyň we kafedranyň uly mugallymy G. Annageldiýewanyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Änew şäherinde ýerleşýän Seýit-Jemaleddin ýadygärliginde “Surat”, “Reňkli surat we binagärlikde reňkleriň sazlaşygy” dersleri boýunça önümçilik okuw sapagy geçirildi. Bu önümçilik okuwy talyplaryň maksatnama boýunça ýerine ýetiren “Ortagonal proýeksiýada binanyň perspektiwa şekili”, “Arheologik ýa-da şäher sýužetleriniň etýudlary”, “Binalaryň daşky görnüşlerini şekillendirmek” ýaly temalara laýyk gelýär.
Şeýle göçme okuw sapaklaryň yzygiderli gurnalmagy bolsa talyplary milli ruhda terbiýelemäge şeýle hem olaryň döwrebaplyk we millilik, taryhy ýadygärlikler bilen sazlaşykly eserleri döretmäge ugrukdyrýar.