img

TÜRKMEN TALYPLARY ASTRAHAN ŞÄHERINDE GEÇIRILEN HAZARÝAKA ÝURTLARYNYŇ UNIWERSITETLERINIŇ ASSOSIASIÝASYNYŇ WE YLMY-BARLAG MERKEZLERINIŇ VII UNIWERSIADASYNA GATNAŞDYLAR

2024-nji ýylyň 7-12-nji oktýabry aralygynda RF-niň Astrahan şäherinde Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň Assosiasiýasynyň we ylmy-barlag merkezleriniň VII Uniwersiadasy geçirildi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan 2 talyp we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden 2 talyp, şu ýylyň 6-13-nji oktýabry aralygynda saparda bolup, sport ýaryşyna gatnaşdylar.

Geçirilen ýaryşyň netijesinde, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň Himiýa tehnologiýasy (senagat pudagynda) taýýarlygyň ugrunyň 3-nji ýyl talyby Alsu Habibulina Sportuň ýeňil atletika (ylgamak) görnüşi boýunça 100 m aralykda 2-nji ýer, 200 m aralygy boýunça 2-nji ýer, uzynlygyna bökmek görnüşi boýunça 3-nji orna mynasyp boldy.

img

Küşt görnüşi boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň Maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy (senagat pudagynda) taýýarlygyň ugrunyň 2-nji ýyl talyby Halynýazow Wepaly 3-nji orna mynasyp boldy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Talyplar sport klubunyň başlygynyň w.ý.ý., tälimçi Orazow Maksat greble-indor boýunça 1-nji ýeri eýeläp, Hormat hatyna mynasyp boldy.

img

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Gaýypnazarow Arslan erkekleriň arasynda suwda erkin ýüzmek we suwda ýüzmegiň brass görnüşleri boýunça (50m) 2-nji orunlara, geçirilen ýaryşda mynasyp boldy.

Küşt görnüşi boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Gubataýewa Aýşe 2-nji orna mynasyp boldy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar