ÝOL GURLUŞYGY FAKULTETINIŇ INSTITUTYMYZYŇ TÄZE BINALAR TOPLUMYNA GURNAN GÖÇME OKUW SAPAGY
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek tagallalaryndan ugur alyp 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 05-ne Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze okuw binasynyň gurluşyk meýdançasynda Ýol gurluşygy fakultetiniň «Amaly geodeziýa» hünäriniň 2-nji ýyl talyplary bilen geometriki niwelirlemekde bir nokadyň beýikligi beýleki nokada baglylykda gorizontal niwelirlemek, ýagny gorizontal ýerleşen şöhle bilen niwelir reýkasynyň kesişen ýerinden hasaplary almak ýoly arkaly kesgitlenilýändigini «Geodeziýa» kafedrasynyň mugallymlary göçme okuw sapagyny geçirmek bilen giňişleýin düşündirdiler.