img

TÜRGEN TALYBYMYZYŇ ÜSTÜNLIGI

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde sport ulgamy ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri boldy. Şonuň bilen baglylykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň 3 (HT) bakalawr toparynyň talyby Alsu Habibulina 2024-nji ýylyň 6-13-nji oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilýän Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň Assosiasiýasynyň we Ylmy-barlag merkezleriniň VII Uniwersiadasyna gatnaşyp, sportyň ýeňil atletika görnüşi boýunça we 100 metr, 200 metr aralyga ylgap, baýrakly II orna kümüş medala, uzynlygyna bökmek boýunça baýrakly III orna mynasyp boldy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar