TALYP ÝAŞLARYŇ SPORT ÝARYŞLARYNDA GAZANAN ÜSTÜNLIKLERI
Türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy ýurdumyzyň sportunyň dünýä ýüzünde gazanýan üstünlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan sport syýasatynyň aýdyň ykrarnamasydyr.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Serdar Rahimow 2024-nji ýylyň maý aýynyň 3-5-i aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen 66 kg agramy bilen ulularyň arasynda dzýudo göreşi boýunça grandslam ýaryşyna gatnaşyp, Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek I orna mynasyp boldy.
Şeýle hem “Köprüler we ulag tonnelleri” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Kasym Ýazmyradow 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 10-14-i aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen 88 kg agram bilen 18-23 ýaşlaryň arasynda el söweşi boýunça dünýä çempionatynda III orna mynasyp boldy. Sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan talyplara institutyň Kärdeşler arkalaşygy guramasy tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.